Şu ýylyň 8-nji iýulyndan başlap, “Senagat” Paýdarlar täjirçilik bankynyň terminallarynda öý telefon belgisini girizip, Internet we IPTV hyzmatlary üçin töleg geçirmek mümkinçiligi döredildi.
Mundan öň bankomatlaryň üsti bilen bank kartlary arkaly, şeýle-de internet-bankyň we mobil-bankyň üsti bilen “Türkmentelekom” EAK-nyň internet hyzmatlary üçin töleg geçirmek hyzmatlary döredildi we ol häzirki wagtda işjeň ulanylýar.
"Senagat" Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanda döredilen ilkinji täjirçilik banklaryň biri bolup, ol 22 sany esaslandyryjylar-paýdarlar tarapyndan 1989-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmen täjirçilik banky hökmünde döredildi. Banky döretmegiň esasy maksady – söwda we önümçilik bilen meşgullanýan hususy telekeçileri we kärhanalary goldamakdan ybaratdyr. 1993-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmen täjirçilik banky "Senagat" Paýdarlar Täjirçilik bankyna öwrüldi.