Lebabyň nah ýüplükleri dünýä bazarlaryna eksport edilýär

Lebabyň nah ýüplükleri dünýä bazarlaryna eksport edilýär
Ýüplüklere ABŞ, Kanada, Russiýa, Türkiýe, Wengriýa, Hytaý, Hindistan, Ukraina we Baltika döwletleri uly isleg bildirýär.

Has irki döwürlerden bäri dokmaçylygy özüne kesp-kär edinen nesiller ony hiç wagt ünsden düşürmän, barha kämilleşdiripdirler. “Tara” diýlip atlandyrylýan ýönekeý enjamda mata dokap, öz geýjek egin-eşikleri üçin zerur bolan ähli görnüşdäki matalary öndüren enelerimiz hiç haçan mata mätäç bolmandyrlar.

Türkmen dokmasynyň önümleri hili babatda hem, görki we bedeniňe ýakymlylygy babatda hem düýpgöter tapawutlanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berlen egirme-dokma fabrikleriniň ähli enjamlarynyň kämil tehnologiýalara esaslanýar.

Lebap welaýatynda şeýle kämil tehnologiýaly nah, pamyk egirme fabrikleriniň dördüsi hereket edýär. Halaç etrabynda, Seýdi şäherinde we Türkmenabat şäherinde hem iki sany pagta egirme fabrikleri Lebap topragynda öndürilýän pagtanyň ýarysyndan gowragyny gaýtadan işlemek bilen dünýä bazarynda iň bir geçginli harytlaryň uly möçberini öndürýär. Elbetde, bu önümiň aglaba bölegini 14-likden tä 34-lik belgilä çenli bolan nah ýüplükleri tutýar. Bu ýüplüklere ABŞ, Kanada, Russiýa, Türkiýe, Wengriýa, Hytaý, Hindistan, Ukraina we Baltika döwletleri uly isleg bildirýär.

Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji kärhanasy her ýylda öndürýän nah ýüplüginiň möçberini 5560 tonna çenli ýetirdi. 170-den gowrak işçiniň zähmet çekýän dokma pudagynyň bu kärhanasy häzirki wagtda welaýatdaky dokma pudagyna degişli kärhanalaryň arasynda öňde barýar.

2022