“UrbanClap” hojalyk hyzmatlary kompaniýasy 75 million dollarlyk maýa goýum aldy

“UrbanClap” hojalyk hyzmatlary kompaniýasy 75 million dollarlyk maýa goýum aldy

Iş ýerlerini arassalamak, suw syzdyrýan turbany bejermek we gapynyň gulpyny çalyşmak ýaly kiçi göwrümli işleri ýerine ýetirjek hünärmenleri tapmak kä halatlarda uly meselä öwrülip bilýär. Bu hyzmatlary berýänleriň özleri hem iş tapmak babatynda kynçylyk çekip bilýär.

Dubaý we Abu Dabi şäherleri bilen bir hatarda Hindistanyň 10 şäherinde müşderiler bilen kiçi göwrümli hünärmenleriň arasynda köpri hyzmatyny amala aşyrýan “UrbanClap” telekeçilik işini kämilleşdirmek üçin “Tiger Global” kompaniýasyndan 75 million dollarlyk maýa goýum goldawyny aldy.

“UrbanClap” kompaniýasynyň dolandyryjysy Abhiraj Balyň “TeсhCrunch” internet neşirine beren beýanatynda kompaniýanyň adatça bir aýyň dowamynda 20 müň hünärmene 450 müňe golaý bir gezeklik işi tapmaga kömek edýändigini aýtdy.

Abhiraj Balyň aýtmagyna görä, “UrbanClap”-yň hyzmatlaryndan peýdalanýan ‘oflaýn’ hyzmat berijileriň adatdakydan has köp gazanýar; ýerine ýetirilen işiň töleginiň 80%-i hünärmene berilýär. Olar iş sagatlaryny hem özleri sazlap bilýär.

“Biziň hyzmat görnüşimiz hünärmenleriň telekeçi bolmaklaryna mümkinçilik döredýär. Olar öz girdejilerini 2-3 esse ýokarlandyryp bilýärler; 8 esse köp girdeji gazananlar hem boldy” diýip bellän Abhiraj Bal, bir gezeklik kiçi hyzmatlaryň bahasynyň 17-22 ABŞ-nyň dollary aralygynda bolýandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda “UrbanClap” kompaniýasy 73 görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirýän hünärmenleri özünde jemleýär. Kompaniýanyň “hünärmen buludyna” goşulmak isleýänleriň 20-25%-ni kabul edýändiklerini bellän Abhiraj Bal, häzirki wagta çenli 3 million müşderä hyzmat berendikleri barada maglumat berdi.

2022