Angliýada plastik torba ulanyşy 90% azaldy

Angliýada plastik torba ulanyşy 90% azaldy
Angliýada 2015-nji ýyldan başlap plastik torbalary 5 pensden satylmaga başlandy.

Angliýanyň iň uly ýedi bölekleýin satuw merkezlerinde plastik torba satuwlary 90% azaldy. Ýurduň hökümeti tarapyndan çarşenbe güni ýaýradylan beýanata görä, “Asda”, “Marks and Spencer”, “Morrisons”, “Sainsburry’s”, “The Co-operative Group”, “Tesco” we “Waitrose” satuw merkezlerinde geçen ýylyň iýul aýyndan başlap bir ýylyň dowamynda satylan bir gezeklik ulanylýan plastik torbalaryň mukdary 490 million sany azaldy.

Angliýada 2015-nji ýyldan başlap plastik torbalary 5 pensden satylmaga başlandy. Munuň netijesinde bir adamyň ýyllyk ulanýan ortaça plastik torbasynyň mukdary 10-a çenli azaldy; 2014-nji ýylda bu mukdar 140 torba barabardy. Häzirki wagtda satylýan paketlerden jemi 169 million funt sterling girdeji gazanyldy.

Hökümetiň Daşky gurşaw boýunça sekretary Tereza Williers bu görkezijiler barada: “Biziň daşky gurşawy has gowy saklamak we plastik zibilleri aýyrmak ugrunda alyp barýan hereketlerimiz oňyn netijeler bermäge dowam edýär. Plastik paketleriň bahalarynyň 5 pens bolmagy uly söwda merkezlerinde olaryň satuwyny 90% azaltdy” diýdi.

Bir ýylyň dowamynda bir million guşyň we 100 müňden gowrak deňiz süýt emdirijisiniň plastik zyňyndylary sebäpli heläk bolýandyklary beýanatda aýdylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022