Grenlandiýa diňe bir günde 11 milliard tonna buz ýitirdi

Grenlandiýa diňe bir günde 11 milliard tonna buz ýitirdi
Grinlandiýanyň buzluklary ululygy boýunça dünýäde ikinji orun eýeleýändigini nazara alsak, bu möwsümde buzuň eremegi dünýäniň suw derejesiniň ýarym millimetr galmagyna sebäp boldy.

Grenlandiýada ençeme aýdan bäri rekord derejede gyzgynlyk dowam edip gelýär. Bilermenleriň bellemegine görä, şu penşenbe güni Grenlandiýanyň buzluklarynyň 11 milliard tonnasynyň eremegi bilen, tomsuň dowamyndaky iň uly ereme hadysasy hasaba alyndy. Okeanyň düzümine goşulan 11 milliard tonna buzlugy 4,4 million olimpik suw howdanlaryna deňäp bolar.

“Grenlandiýanyň buzluklary tomus paslynda eremäge başlaýar, emma ereýiş möwsümi adaty maý aýynyň aýagynda başlaýar. Bu ýyl ol möwsüm maý aýynyň başyna düşdi. Geçen dört aýyň dowamynda rekord howa gyzgynlyklary sebäpli buzluklar yzygider erediler” diýip, Daniýanyň metrologiýa institutynyň klimat boýunça alymy Rut Motram belledi.

Motrama görä, diňe iýul aýynyň içinde Grenlandiýanyň buzluklary 80 million olimpik suw howdanlaryna barabar 197 milliard tonna buz ýitirdi. Ol CNN bilen söhbetdeşliginiň dowamynda, aslynda ýylyň bu möwsüminde 60-70 milliard tonna buzuň eremegine garaşylandygyny nygtady.

Geçen hepde Ýewropanyň gyzmagyna sebäp bolan howa şertleri Arktika ýetdi. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu Grenlandiýada 1950-nji ýylda ygtybarly howa barlaglaryň başlany bäri, buzluklaryň iň uly depginde eremegine sebäp bolar.

Alymlar penşenbe güni deňziň derejesinden 3000 metr beýiklikde tassyklanmadyk 2,7 dereje howa gyzgynlygyny hasaba aldylar. Eger-de ol tassyklansa bu taryhda hasaba alynan rekord derejedäki gyzgynlyk bolar. 

Bu maglumat dünýädäki metrologlaryň iýul aýynyň taryhda iň gyzgyn derejesine ýetendigi barada beýanaty bilen bir wagta gabat geldi.

Bütin dünýä howa maglumatlaryny seljerýän Kopernikus howanyň üýtgemegi boýunça maksatnamasynyň iýul aýynyň 1-29 aralygy boýunça deslapky barlagyna görä, iýul aýynyň dünýädäki ortaça gyzgynlygy häzirki rekordy saklaýan 2016-njy ýylyň iýulyndan geçmese-de onuň bilen deňeçerdir. Gutarnykly barlag netijeleri duşenbe güni belli bolar.

Grenlandiýanyň buzluklary ululygy boýunça dünýäde ikinji orun eýeleýändigini nazara alsak, bu möwsümde buzuň eremegi dünýäniň suw derejesiniň ýarym millimetr galmagyna sebäp boldy.

2022