Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Arkaç daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan maldarçylyk toplumynda Ýewropa döwletlerinden getirilen ýokary önümli simmental sygyrlar idedilýär. Bu sygyrlar ýurdumyzyň howa şertlerine ýeňil uýgunlaşýarlar.
Maldarçylyk toplumynyň sygyrlary sagmak üçin niýetlenen bölüminde birbada 32 sygry sagmaga mümkinçilik berýän, mehanizmleşdirilen sagym enjamy hereket edýär. Häzirkizaman süýt önümçiligi bilen meşgullanýan hojalyklarda bu enjam giňden ulanylýar. Sagym mahaly süýt ýörite taýýarlanan gaba barýar we ol ýerde dessine dört derejä çenli sowadylýar.
Häzir maldarçylyk toplumynda 500-den gowrak sygyr saklanylýar. Olaryň 170-si sagylýan sygyrlardyr. Olardan her gün üç tonnadan gowrak süýt alnyp, sarp edijilere gündelik ýetirilip durulýar.
Maldarçylyk toplumyna degişli 500 gektar ýere ýorunja, mekgejöwen, arpa ekilip, bol otiým ätiýaçlygy hem döredilipdir. Toplumyň işgärleri ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşýarlar.