Awstriýada lazer etiketkalar ulanylyp başlandy

Awstriýada lazer etiketkalar ulanylyp başlandy
Lazer etiketka usuly bize adaty we tebigy mangolaryň arasyndaky tapawudy ýelmenilýän etiketka ulanmazdan görkezmäge mümkinçilik berýär.

SPAR söwda merkezi zynjyrynyň Awstriýadaky şahamçasy lazer arkaly etiketkalanan tebigy mangolary EUROSPAR we INTERSPAR söwda merkezlerine ýaýratmaga başlady. Täze usul her ýyl plastik etiketkalaryň birnäçe tonnasynyň ulanylmagyny azaldar diýlip kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Iki ýyl mundan ozal “SPAR Austria” öz söwda dükanlaryna lazer bilen etiketkalanan awokadolaryň barlag tapgyryny goýberipdi. Geçen döwrüň dowamynda birnäçe barlaglaryň netijesinde bu usul has hem kämilleşdirildi.

“Lazer etiketka usuly bize adaty we tebigy mangolaryň arasyndaky tapawudy ýelmenilýän etiketka ulanmazdan görkezmäge mümkinçilik berýär. Täze usuly awokado, nar, kiwi we ýer alma ýaly beýleki miwe we gök önümlerde hem ulanmaga taýýarlyk görýaris” diýip, “SPAR Austria”-nyň dolandyryjysy Gerhard Dreksel belläp geçdi.

Dünýäniň 48 ýurdunda 12,770 şahamçasy bolan söwda merkezi zynjyry SPAR 1932-nji ýyldan bäri hereket edýär.  Düzüminde 350 müň işgäri bolan bu söwda merkezi zynjyrynyň merkezi Amsterdam şäherinde ýerleşýär.