Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, “Awazanyň” çäklerinde Gün batareýasy bilen işleýän welosipedleri kärendesine berýän beketler döredildi. Döwlet Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usulyny oňlap, olary “Ekowelosiped bekedi” diýip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Awazanyň” ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işleri, onuň çäklerinde döredilýän gök zolaklary giňeltmek, seýilgähleri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşmak üçin “Watançy” myhmanhanasyna gelen döwlet Baştutany Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, içeri işler düzüminde polisiýanyň ekowelosiped toparyny döretmegi tabşyrdy.
10 gektarlyk meýdanda gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň hatarynda kottej görnüşli jaýlar, suw arassalaýjy desga, çagalar we ulular üçin suw howdanlary bolan ýörite myhmanhanalar, tomusky restoran bar. Bu taslamalary amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylar.
Kottej toplumynda jemi 768 adama niýetlenen 192 otag ýerleşdiriler. Mundan başga-da, onuň çäginde türkmeniň “ak öýi” görnüşindäki desga gurlar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, satyn alnan täze gämini synlamak üçin ýoluny dowam etdi.
«Rowaç» diýlen ady alan gäminiň kapitanynyň hasabatyny kabul eden Türkmenistanyň Prezidenti kapitany täze gäminiň gelip gowuşmagy bilen gutlap, şowly ýüzüş arzuw etdi. Döwlet Baştutany gäminiň deňze çykmagyna ak pata berip, egindeşleri bilen gämä mündi we deňizde gezelenç etdi.
Prezident Berdimuhamedow gezelenji tamamlap, Hazar deňziniň kenarynyň baý tebigy mümkinçilikleriniň doly herekete getirilmegi syýahatçylyk we şypahana düzümleriniň geljekde hem okgunly ösdürilmegine ýardam eder diýip belledi.