“Ak toprak” 98 görnüş şöhlat öndürýär

BT
“Ak toprak” 98 görnüş şöhlat öndürýär
“Ak toprak” hususy kärhanasy “Bolelin”, “Teýli” we “Ararat” haryt nyşanly şöhlatlaryň 98 görnüşini öndürýär.

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine gatnaşan ýerli kompaniýalardan “Ak toprak” hususy kärhanasy “Bolelin”, “Teýli” we “Ararat” haryt nyşanly şöhlatlaryň 98 görnüşini öndürýär. 

Kärhananyň wekili Muhammet Durdymuhammedow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda “Ak toprak” hususy kärhanasynyň şöhlat sehini 2018-nji ýylda açandygyny aýdyp, 100-den gowrak hünärmeniň zähmet çekýändigi barada maglumat berdi. 

Germaniýanyň bu ugurda işleýän hünärmenleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýandyklaryny bellän Durdymuhammedow: “Sehimizde zähmet çekýän hünärmenler öz hünärlerini has-da kämilleşdirmek üçin Germaniýa döwletine birnäçe okuw sapaklaryna gatnaşmaga ugradyldy. Germaniýa döwletiniň hünärmenleri ýylda iki gezek biziň şöhlat önümlerini öndürýän kärhanamyza gelip, iň täze maglumatlary biziň bilen paýlaşýarlar. Täze önümleri öndürmekde bilelikde birnäçe işler alyp barýarys” diýdi. 

Durdymuhammedow şöhlat önümçiliginde Germaniýa döwletiniň “Handtmann”, “Polyclip” kompaniýalarynyň enjamlaryny ulanýandyklaryny aýdyp, kärhanananyň önümleriniň Russiýanyň, Özbekistanyň, Ermenistanyň we Gazagystanyň laboratoriýalaryndan barlagdan geçendigine ünsi çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022