WiFi arkaly wideo görmek has aňsatlaşýar

WiFi arkaly wideo görmek has aňsatlaşýar
Wideo ýüklenme wagtyny ýarysyna çenli azaldýan bu ulgam diňe bir öý şertlerinde däl, eýsem uly göwrümli WiFi gurşawlarynda hem ulanylyp bilner.

Birnäçe adam tarapyndan ulanylýan WiFi nokadyna baglanyp, wideo tomaşa etmek köplenç aňsat düşmeýär. Öýdäki ýaşaýjylaryň bir wagtda WiFi torundan peýdalanmagy kä halatlarda kompýuteriňde görüp oturan wideonyň ýüzünde aýlanýan tegelek çyzgylaryň döremegine ýa-da ony pes hilde tomaşa etmegiňe getirip bilýär.

Massaçusetts Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlar topary bu ýagdaýa täze çözgüt getirdi. “Engadget” tehnologiýa habarlary neşirinde ýerleşdirilen makala görä, MIT-niň Kompýuter bilimi we emeli zehin laboratoriýasy (CSAIL) WiFi arkaly tomaşa edilmek islenilýän wideony pes hilde görmegiň maglumata ýetirjek täsirini seljerýän “Minerva” atly ulgamy işläp taýýarlady.

Sport oýunlary ýaly çalasyn hereketleri özünde jemleýän wideolar multifilmlere garanyňda ýokary tizlikli internet talap edýär. Adaty WiFi ulgamy internetiň tizligini ulanyjy sanyna görä deň bölýär. “Minerva” ulgamy bu ýagdaýyň tersine tomaşa edilmek islenilýän wideony öňünden seljerýär we nähili tizlikde internet bagy gerekdigini kesgitleýär.

Tejribelere görä, wideo ýüklenme wagtyny ýarysyna çenli azaldýan bu ulgam diňe bir öý şertlerinde däl, eýsem uly göwrümli WiFi gurşawlarynda hem ulanylyp bilner.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022