Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin meýdança hökmünde ýola goýlan C5+1 formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.
Çarşenbe güni geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň baş diplomatlary bilen ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşykda sebitde ykdysady howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň saklanylmagy, Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy, Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün edilmegi barada maslahat edildi. Oňa gatnaşyjylar C5+1 formatyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp geçdiler we has sepleşen, has rowaç we has howpsuz Merkezi Aziýa ugrundaky bilelikdäki tagallalar barada pikir alyşdylar.
Türkmen wekiliýeti Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan hem kabul edildi. Duşuşykda taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geçen hepde Hazaryň türkmen kenarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejesini belläp geçdi. Bu Forumyň Hazar sebitinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berendigi aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, şeýle hem ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen hem aýratyn duşuşyk geçirdi.
C5+1 formaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu ýygnak ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar. Alty ýurduň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagyndaky ilkinji duşuşyk 2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirildi.