Gökdepede 1 million keramiki kerpiç öndürýän kärhana açyldy

Gökdepede 1 million keramiki kerpiç öndürýän kärhana açyldy
Kärhanada uzynlygy 25 santimetr, ini 12 santimetr, beýikligi 0,6 santimetr bolan keramiki kerpiç öndüriler.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde çarşenbe güni kuwwaty ýylda 1 million keramiki kerpiç öndürmäge ukyply kärhana açyldy.

Bäş gektar meýdanda bina edilen täze önümçilik desgasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tirkeş” hususy kärhanasyna degişlidir.

Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen iň kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy kärhanada öndüriljek önümiň hiliniň ýokary bolmagyna şert döreder.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilişini artdyrmaga goşant goşjak bu kärhanadaky awtomatlaşdyrylan enjamlar çig malyň ýokary derejede işlenilmegine ýardam eder.

Kerpiç önümçiliginde gerek bolan topragyň, çägäniň we suwuň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ol ýerde uzynlygy 25 santimetr, ini 12 santimetr, beýikligi 0,6 santimetr bolan keramiki kerpiç öndüriler. Kärhananyň önümleri buýurmalar esasynda sarp edijilere ugradylar.