Gümrük işgärleri galp plombalara garşy göreşmekde tejribelerini ýokarlandyrýar

Gümrük işgärleri galp plombalara garşy göreşmekde tejribelerini ýokarlandyrýar
Okuwyň maksady konteýnerli daşamalarda gümrük üpjünçiligi bilen bagly bikanun hereketleri ýüze çykarmak boýunça gümrük işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan 18 işgär 20-22-nji awgustda gümrük üpjünçiligi bilen bagly bikanun hereketlere garşy göreş babatynda okuw türgenleşigine gatnaşdy.

Okuw-türgenleşigi Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy gurnady.

Okuwyň maksady konteýnerli daşamalarda gümrük üpjünçiligi bilen bagly bikanun hereketleri ýüze çykarmak boýunça gümrük işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat. Gatnaşyjylar gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullary we gurallary bilen içgin tanyşdyryldy.

Halkara gümrük terminalynda geçirilen okuw türgenleşigi gümrük işgärlerine galp gümrük resminamalaryny hem-de gümrük üpjünçiliklerini ýüze çykarmak boýunça başarnyklaryny ýokarlandyrdy.

Şeýle hem çarşenbe güni Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri bilen “Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň-Bütindünýä gümrük guramasynyň Maksatnamasynyň” sebitleýin utgaşdyryjysy B. Geldiýewiň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistan bu Maksatnama 2009-njy ýylda goşuldy.

2022