“Gündogdy” Kerki howa menziliniň gurluşygyny çaltlandyrýar

“Gündogdy” Kerki howa menziliniň gurluşygyny çaltlandyrýar
200 gektar meýdany tutjak bu howa menziliniň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gündogdy” hususy kärhanasy alyp barýar.

Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde sagatda 100 adama hyzmat etjek döwrebap howa menziliniň gurluşygynyň depgini çaltlanýar.

200 gektar meýdany tutjak bu howa menziliniň gurluşygyny ýeterlik iş tejribesi bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gündogdy” hususy kärhanasy alyp barýar. Türkmenabadyň halkara howa menzilini hem şu hususy kärhana gurupdy.

Desganyň gurluşygynda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn uly üns berilýär, ýerli çig mallardan giňden peýdalanmak maksady bilen kärhanalar bilen baglaşylan şertnamalaryň ikitaraplaýyn talabalaýyk ýerine ýetirilmegi gurluşyk işleriniň ilerlemegini üpjün edýär.

Howa menzilinde Desgada ýolagçylaryň ýeňil awtoulaglary üçin duralga, awtobus duralgasy, menziliň awtoulaglary üçin ammar, tehniki bölüm, ýangyç guýýan bölüm, ýyladyş-sowadyş ulgamlary, suw desgasy, şol sanda içimlik we beýleki hajatlar üçin ulanyljak suw gorlary, kuwwatly elektrik paýlaýjy desgalar, meýdanyň umumy gorag simleri hem-de howa menziliniň işgärleri üçin ýeňil awtoulaglaryň duralgasy bolar.

Raýat awiasiýasynyň täze desgasyny 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022