Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy singapur kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy singapur kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Sişenbe güni ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Singapuryň esasy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Iş ertirligi hökmünde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Singapury söwda-ykdysady ugurda esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde görýändiklerini aýtdy.

Singapury gysga wagtyň içinde dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşan ykdysady ulgam barada belläp geçen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Singapura bolan ilkinji saparynyň esasy maksadynyň ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bolup durýandygyna ünsi çekdi.

“Shangri-La” myhmanhanasynda geçirilen duşuşykda nebit-gaz, himiýa senagaty, maliýe, ulag, oba we suw hojalygy ýaly ugurlarda özara pikir alyşyldy. Singapuryň öňdebaryjy ýokary tehnologiýa kompaniýalary hyzmatdaşlyk boýunça öz tekliplerini hödürlediler.

Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakobyň, şeýle hem premýer-ministr Li Sýan Lunyň arasynda gepleşikler geçiriler. Olaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

2022