“Toyota” awtoulaglaryny yzyna çagyrýar

“Toyota” awtoulaglaryny yzyna çagyrýar
Ulaglaryň yzyna çagyrylmagynyň esasy sebäbi kemli öndürilen “Takata” kysymly howa ýassyklary bolup durýar.

Awtoulag öndürijisi “Toyota” howa ýassygynda kemçilik bolan 191,000 ulagyny yzyna çagyrýar.

Kompaniýanyň çarşenbe güni ýaýradan bildirişine görä, çagyryşa ABŞ-da we Ýaponiýada satylan 2003-2008-nji ýyllar aralygynda öndürilen “Corolla” awtoulaglary we 2005-2008-nji ýyllar aralygynda öndürilen “Matrix” awtoulaglary degişli bolar.

ABŞ-da eýýäm şeýle kysymly awtoulaglardan 135,000-niň howa ýassygy çalşylypdy. “Toyota” bu awtoulaglary hem yzyna çagyrýar.

“Toyota”-nyň Demirgazyk Amerika boýunça wekiliniň “Fox Business”-e beren beýanatyna görä, ulaglaryň yzyna çagyrylmagynyň esasy sebäbi kemli öndürilen “Takata” kysymly howa ýassyklary bolup durýar. Onuň aýtmagyna görä awtoulagyň öň tarapyna ýerleşdirilen howa ýassyklary içerki atmosfera basyşynyň üýtmegi netijesinde, dürli çaknyşyklarda açylman biler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022