Makarow Türkmenistanda ekspert-hünärmen wezipesine bellendi

Makarow Türkmenistanda ekspert-hünärmen wezipesine bellendi
“ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow

“ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew döwlet Baştutanymyza bu barada teklip etdi.

Duşuşygyň dowamynda I.Makarow ýurdumyzda holding tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, nebitgaz ulgamynda we beýleki ugurlarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Şeýle hem Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda geçirilýän işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini belledi. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bolmagy, maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegi nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri çykarýan döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça bellenilen meýilnamalary kesgitleýär.

Baş edara binasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän “ARETI” kompaniýalar toparynyň döredilenine 28 ýyl boldy. Kompaniýa 25 ýyl bäri nebitgaz pudagynda işläp, bu ulgamda uly tejribe gazandy.

“ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy esasy işinden başga-da Russiýanyň welosiped sporty federasiýasynyň ýolbaşçysy hem-de Welosipedçiler halkara birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda 2021-nji ýylda geçiriljek trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022