154 müňe golaý çaga ilkinji jaň sesini eşitdi

BT
154 müňe golaý çaga ilkinji jaň sesini eşitdi
2019-2020 okuw ýylynda 154 müňe golaý çaga ilkinji gezek mekdebiň gapysyndan ätledi.

Ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary duşenbe güni tomusky dynç alyşdan soň täze okuw möwsümine gapylaryny açdy.

Orta mekdeplere, ýörite hünärmençilik we ýokary okuw mekdeplerine gatnaýan okuwçylardyr talyplar bilegini berk guşap, bilimleriniň üstüni dolmaga ugradylar.

2019-2020 okuw ýylynda ilkinji gezek mekdebe gadam basýan çagalaryň 154 müňe golaýyna döwlet tarapyndan öwrediji kompýuterler sowgat berildi.

Talyplyga kabul edilen raýatlaryň 12 müň 242 sanysy ýokary okuw mekdeplerinde öz ugurlarynyň mugallymlary bilen ilkinji sapaklaryna başlady.

Şeýle hem ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär.

2022