“Nowruz haly” önümleri ABŞ-a eksport edilýär

“Nowruz haly” önümleri ABŞ-a eksport edilýär
“Nowruz haly” haryt nyşanly dürli görnüşli we dürli ölçegdäki haly önümleriniň yzygiderli Gazagystana eksport edilýär.

“Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän “Nowruz haly” haryt nyşanly sintetiki halylar Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eksport edilýär. Bu barada kompaniýanyň marketing bölüminiň hünärmeni Serdar Hommatdurdyýew “Rysgal” gazetine beren beýanatynda aýtdy.

Ýakynda bu halylaryň birinji tapgyrynyň ABŞ-a ugradylandygyny mälim eden Hommatdurdyýew: “Bir tapgyry ýakynda ABŞ-a ugradyldy, häzirki wagtda ikinji tapgyry ugratmak boýunça işler alyp barýarys” diýdi. 

Şeýle hem “Nowruz haly” haryt nyşanly dürli görnüşli we dürli ölçegdäki haly önümleriniň yzygiderli Gazagystana eksport edilýändigini belläp geçen Hommatdurdyýew Türkmenistanda öndürilýän polipropileniň kompaniýanyň haly önümleriniň hiliniň ýokary bolmagyna getirýändigine ünsi çekdi.

“Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik düzümine haly önümlerinden başga-da, “Ak suw deri” haryt nyşanly deri önümleri we “MB SHOES” haryt nyşanly aýakgap önümleri hem girýär.

Derini gaýtadan işlemek arkaly erkekler, şeýle-de kiçi we uly ýaşly çagalar üçin dürli görnüşli aýakgaplary öndürýändiklerini aýdan Hommatdurdyýew: “Hil derejesi ýokary bolan iri şahly mallaryň derisinden taýýarlanylan aýakgaplar harytlyk görnüşi bilen hem müşderiniň ünsüni özüne çekýär. Görnüşleriniň dürli-dürlüligi, bahalarynyň elýeterligi ilatymyzyň biziň önümlerimize bolan islegini artdyrýar” diýdi.

Hommatdurdyýew gelejekde zenanlar üçin aýakgap önümlerini öndürmegi meýilleşdirýändiklerini belläp, häzirki öndürýän aýakgaplarynda esasan, italiýan modelleri ulanýandyklaryna degindi.