21 milliard dollarlyk “Arctic LNG-2” taslamasynda soňky ylalaşyga gelindi

21 milliard dollarlyk “Arctic LNG-2” taslamasynda soňky ylalaşyga gelindi
“Arctic LNG-2” suwuklandyrylan gaz çykaryş taslamasy doly güýje gireninden soňra ýyllyk 19.8 million tonna suwuklandyrylan tebigy gaz öndürmegine garaşylýar. Surat: “Arctic LNG-2” taslamasy.

Russiýanyň iň uly hususy gaz çykaryjy kompaniýasy “Novatek” tarapyndan alnyp barylýan 21 milliard dollarlyk “Arctic LNG-2” atly suwuklandyrylan tebigy gaz taslamasyna gatnaşyjy taraplar soňky maýa goýum ylalaşygyna geldiler. “Reuters” agentliginiň habar bermegine görä, bu ylalaşyga Wladiwostok şäherinde geçirilýän ykdysady forumyň çäklerinde penşenbe güni gol çekildi.

Taslama “Novatek” kompaniýasy bilen bir hatarda Fransiýanyň energiýa öndürijisi “Total”, Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasy (CNPC), CNOOC we ýapon “Arctic LNG” konsorsiumy gatnaşýar.

Maýa goýum möçberiniň 21 milliard dollara ýetendigini aýdan Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak: “Bu taslama Russiýa üçin ähmiýetli bolmak bilen biziň suwuklandyrylan tebigy gaz önümçiligini ýokarlandyrmak strategiýamyz bilen ugurdaşdyr” diýdi.

Ýaponiýanyň senagat ministry Hiroshige Seko ýapon-rus gatnaşyklarynda bu taslamanyň ähmiýetine üns çekip: “Bu taslama Ýaponiýa bilen Russiýany has hem birleşdirer. Ýapon hökümeti taslamany durmuşa geçirmekde gerekli bolan ähli ýardamlary berer” diýdi.

“Arctic LNG-2” suwuklandyrylan gaz çykaryş taslamasy doly güýje gireninden soňra ýyllyk 19.8 million tonna suwuklandyrylan tebigy gaz öndürmegine garaşylýar. Ilkinji önümçilige 2023-nji ýylda başlamak göz öňünde tutulýar.

2022