Haj parzyny ýeňillikli ýagdaýda berjaý etjekleriň sanyny artdyrmak tabşyryldy

BT
Haj parzyny ýeňillikli ýagdaýda berjaý etjekleriň sanyny artdyrmak tabşyryldy
Geljekde 160 däl-de, 380 zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmek üçin ibermegi tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Müftisiniň müdiriýetine hem-de Daşary işler ministrligine geljekde döwlet tarapyndan 160 däl-de, 380 zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmek üçin ibermegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daşyndan isleg bildirýänler üçin hem uçuşlaryň gurnalmalydygyny belledi.

Mejlisde jemgyýetçilik meseleleriniň beýleki ugurlaryna hem garaldy.

Şeýlelikde, 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň dowam etdirilendigi bellendi.

Döwlet Baştutanymyz Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda ulanylýan okatmagyň maksatnamasyny ýokary hilli elektron serişdeleriň, elektron kitaplary, elektron seminarlary we başga serişdeler hem-de degişli usullar, uzak aralykdan bilim bermek we beýleki usullar esasynda kämilleşdirilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, metbugat neşirlerini döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy tabşyrdy.

2022