Nobatdaky birža söwdasynda ABŞ-nyň 30 million dollaryna barabar polietilen satylar

BT
Nobatdaky birža söwdasynda ABŞ-nyň 30 million dollaryna barabar polietilen satylar
25 kilogramlyk haltalara gaplanan polietilen önümleriniň 35.5 müň tonnasy söwdalara çykarylýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni täze önümleriň birnäçesini birža söwdalaryna çykardy.

Daşarky bazara niýetlenen nebit-himiýa önümleriniň arasynda “Galkynyş” gazy gaýtadan işleýän zawodynyň önümi bolan tehniki kükürdiň 250 müň tonna golaýy 17-18 amerikan dollaryndan Biržanyň nobatdaky söwdalaryna çykarylýar. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) bolsa, umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 260 müň dollary bolan suwuklandyrylan gazy, Hindistan tarapa niýetlenen 2 million 700 ABŞ dollaryna deň bolan “SN-180” kysymly başlangyç ýagy, Gazagystan tarapa 4 million 40 müň ABŞ dollaryna deň bolan “SN-350” we “SN-600” kysymly başlangyç ýaglaryny çykarar diýlip Biržanyň maglumatynda aýdylýar.

Gyýanlydaky polimer öndürýän zawodynyň ýokary dykyzlykly polietileni nobatdaky birža söwdalaryna çykarylan harytlaryň başyny çekýär. 25 kilogramlyk haltalara gaplanan polietilen önümleriniň 35.5 müň tonnasy söwdalara çykarylýar. Olaryň umumy bahasy 30 million 885 müň ABŞ dollaryna deň bolar. Içerki bazara niýetlenen polietilen önümleriniň umumy bahasy 70 million 500 müň manatlyk 10 müň tonnasy hem birža harytlarynyň arasynda.

Biržanyň nobatdaky söwdasyna çykarylýan oba hojalyk harytlaryndan Ahal we Mary welaýatlarynyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň önümi bolan pagta süýüminiň daşarky bazara 900 tonnadan gowragy satylar. Üç aýry sortda çykarylýan pagta süýüminiň tonna bahasy 2,074 amerikan dollaryndan başlaýar.

Türkmenistanyň dürli ýerlerindäki dokma kärhanalarynyň ýeke gat nah ýüplükleriniň 10 müň tonnadan gowragy, jins önümleri, boýalan nah ýüplükler, flannel matalary we iki gat nah ýüplükleri birža söwdalaryna çykarylýar. Şeýle hem telekeçi M.Garrykişiýewa tarapyndan hojalyk eko-torbalarynyň 145 müň sanysy 8 manatdan satuwa çykarylýar.

Gurluşyk harytlarynyň arasynda reňksiz aýnalar, plastik turbalar, sement we keramiki kerpiçler bar.

2022