Işewür zenanlar Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde önümlerini sergilediler

BT
Işewür zenanlar Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde önümlerini sergilediler
Sergide milli biçüwde taýýarlanylan özboluşly zenan torbalary, gapjyklary, gutylar, sowgatlyklar, nagyşly ýüpek saçaklar, zenan ýaglyklary we ýapynjalary, tutylar we milli halylar görkezildi.

Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde zenanlaryň telekeçiligine bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi. Çäräni Milli kärdeşler arkalaşygynyň goldamagynda Türkmenistanyň Zenanlar guramasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gurady.

Gatnaşyjylaryň arasynda tanalýan telekeçi zenanlar, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň bäsleşikleriniň ýeňijileri, halkara we milli sergilere gatnaşanlar bar. Sergi Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň ikinji gatynda ýaýbaňlandyryldy.

Orazgül Eýeberdiýewa, Kümüş Täjibaýewa, Ejegül Annagurbanowa, Gulaýym Nowruzaliýewa milli biçüwde taýýarlanylan özboluşly zenan torbalaryny, gapjyklaryny, gutylary, sowgatlyklary, nagyşly ýüpek saçaklary, zenan ýaglyklaryny we ýapynjalaryny, tutylary görkezdiler. Maral Ataýewa öz zergärçilik sungaty bilen tanyşdyrdy. Bu we beýleki sungat eserleri milli däpleriň we häzirki zaman şekilleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen tapawutlanýar.

Telekeçi Aýgül Aşyrowa sergide özüniň “Rahatlyk” haryt belgili suw öndürýän sehiniň önümlerini görkezdi. Zenan telekeçiliginiň sergide açylyp görkezilen ugurlary öz döredijilik mümkinçiliklerini we zehinlerini, işewür häsiýetlerini hem-de maşgalasynyň we umuman jemgyýetiň bähbidiniň ugrunda başarjaňlygyny durmuşa geçirmekde zenanlarymyzyň ýokary üstünlikleridir.

Jemgyýetçilik guramalary zenan telekeçiligi ulgamynda öňdebaryjy tejribäni wagyz etmek, zenanlary we gyzlary maşgala telekeçiligine, kiçi işewürlige we hususy telekeçilige, fermerçilige çekmek boýunça ulgamlaýyn işleri alyp barýar, şunuň bilen zenanlaryň iş bilen meşgul bolmagyna, maşgalalary berkitmäge, zenanlaryň we gyzlaryň başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Ýerlerde, esasan-da iň uzak sebitlerde zenanlara we gyzlara maşgala telekeçiligini we senetçiligi öwretmäge gönükdirilen taslamalar durmuşa geçirilýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda döredilen Işewür zenanlaryň merkezi Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň we birleşmäniň bilelikdäki tagallalarynyň netijesi boldy. Bu merkez işde we işewürlikde türkmen zenanlarynyň özara gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge ýardam etmäge, wajyp durmuş we ykdysady meseleleri, ozaly bilen uzakdaky etraplaryň şäherlerinde we obalarynda iş bilen üpjünçiliginde olara goldaw bermäge gönükdirilen.

Ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanylýan ýokary üstünlikler zenanlaryň çekýän zähmeti bilen şertlendirilýär. Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň zehini we döredijilik ylhamy bilen el halyçylygynyň, milli keşdeçiligiň gadymdan gelýän däpleri saklanyldy we baýlaşdyryldy.