Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze bellenen ilçisini kabul etdi
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Hýofer-Wissingi kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Diplomat köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, munuň köp babatda Ýewropa döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini nygtady.

Milli Liderimiz we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady, ulag, şähergurluşyk ulgamlary, obasenagat toplumy we beýleki köp sanly ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ynsanperwer ulgamda, hususan-da, saglygy goraýyş, medeniýet hem-de sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem-de hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň wajyplygyna aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz we GFR-iň doly ygtyýarly wekili ylym-bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň, şol sanda German akademiki alyşmalar gullugynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Häzirki wagtda Germaniýanyň baş şäheri Berlinde Türkmenistanyň Ilçihanasy we Frankfurt şäherinde konsullugy hereket edýär.

2022