Russiýanyň Dumasy Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklady

Russiýanyň Dumasy Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklady
Surat: Duma

Russiýa Federasiýasynyň (RF) döwlet Dumasy penşenbe güni geçirilen mejlisde Hazaryň hukuk dererejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklady diýip, Dumanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Resminamany tassyklamak hakyndaky kanunyň taslamasy Döwlet Dumasyna RF-nyň Prezidenti tarapyndan girizildi. Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekildi. Oňa Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän ýurtlar: Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan gatnaşýar.

Konwensiýa Hazar deňzini, şol sanda onuň suwlaryny, düýbüni, ýerasty baýlyklaryny, tebigy gorlaryny we deňziň üstündäki howa giňişligini ulanmak babatda kenarýaka ýurtlarynyň hukuklaryny we borçnamalaryny kesgitleýär we düzgünleşdirýär.

Konwensiýada: “Hazar deňziniň düýbüniň we ýerasty baýlyklarynyň böleklere bölünmegi umumy ykrar edilen ýörelgeleriň we halkara hukugynyň kadalarynyň nazara alynmagy bilen ýanaşyk we garşydaky döwletleriň ylalaşmagy boýunça amala aşyrylýar” – diýip aýdylýar.

Şunuň bilen birlikde, Hazaryň ýurtlary “Hazar deňzinden beýleki deňizlere, dünýä ummanlaryna erkin çykmak, we şol ýerlerden Hazar deňzine girmek hukugyna eýedirler we şu maksat bilen taraplar ähli ulag serişdeleri arkaly çäkleriň üstünden erkin üstaşyr geçmek hukugyndan peýdalanýarlar”.

Hazar sebitiniň ýurtlary 20 ýyla golaý wagtlap Hazaryň hukuk derejesini düzgünleşdirmek hakynda gepleşikleri geçirdi. Häzirki wagta çenli Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan Konwensiýany tassyklamak boýunça işleri doly tamamlady. Eýranyň hem ýakyn wagtda resminamany tassyklamak işlerine başlamagyna garaşylýar.

Gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan tassyklanan we tassyklaýyş hatlaryny ýurtlaryň bäşisi hem saklamaga beren pursadyndan konwensiýa güýje girer. 

2022