Türkmenistanda JIÖ-niň möçberiniň 110 milliard manat bolmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda JIÖ-niň möçberiniň 110 milliard manat bolmagyna garaşylýar

Şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önümiň (JIÖ) umumy möçberiniň 110 milliard manatdan hem gowrak bolmagyna garaşylýar. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim bolar. 

Bu barada çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda belläp geçdi.

Umumymilli forumda çykyşynyň barşynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejili böleginiň 9 aýda ep-esli artyp, jemi içerki önümiň 1,2 göterime, ýagny, 16 milliard manada golaý bolmagyna garaşylýar” diýip belledi.

Senagat pudagy boýunça JIÖ-niň umumy möçberinde bu pudagyň paýy 32,6 göterime ýetýär.

Maýa goýumlary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň esasy guraly bolup hyzmat edýär. Tutuş ýurdumyz boýunça ähli çeşmeleriň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 29 milliard manat (jemi içerki önümiň 26,2 göterimi) bolmagyna garaşylýar.

Ösüşiň senagat-innowasion nusgasyna gönükdirilen strategik ugry amala aşyrmak maýa goýumlarynyň 66 – 68 göterime golaýyny önümçilik ulgamyna gönükdirmek arkaly üpjün edilýär. 

Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak işi hem çalt depginler bilen alnyp barylýar. Şu ýylyň 9 aýynda daşary söwda dolanyşygynyň 11 milliard amerikan dollary möçberde bolmagyna garaşylýar diýip bellän Türkmenistanyň Prezidenti, bu bolsa, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,8 göterim köpdür diýip sözüniň üstüne goşdy.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän görnüşlerini artdyrmaga niýetlenen kärhanalary gurmak we döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça hem durmuşa geçirilýän maksatnamanyň netijesinde, eksport edilýän önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4 göterim artdy. 

Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnama laýyklykda, 2019 — 2025-nji ýyllarda umumy bahasy 3,5 milliard manat bolan 205 sany umumybilim berýän mekdebi, umumy bahasy 1,5 milliard manat bolan 165 sany mekdebe çenli çagalar edarasyny gurmak göz öňünde tutulýar.