“Saraý” söwda etmegi aňsatlaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Saraý” söwda etmegi aňsatlaşdyrýar
“Saraý” internet söwda we mahabat platformasy isleg bildirýänlere aňsat satyn almaga we satmaga mümkinçilik berýär.

Gündelik ýaşaýşymyzy aňsatlaşdyrýan dürli görnüşli applikasiýalar Türkmenistanda hem yzygiderli köpelýär. Şeýle applikasiýalardan “Saraý” internet söwda we mahabat platformasy isleg bildirýänlere aňsat satyn almaga we satmaga mümkinçilik berýär.

Bu platformada awtoulaglar, mebeller, lýustralar, halylar, aşhana mebelleri, hojalyk tehnikalary, telewizorlar, sowadyjylar, doňduryjylar, gaz ojaklary (plitalar), kir maşynlary, şeýle hem durmuş taýdan hyzmat edýan tehnikalary tapyp bilersiňiz. Bulardan daşary dürli ugurlarda hyzmat hödürleýän taraplar hem bu applikasiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.

“Saraý” öz onlaýn dükany bolmadyk telekeçiler üçin önümlerini satmaga oňaýly mümkinçilik döredýär. Isleg bildiren satyjylar bu platformanyň üsti bilen onlaýn dükan açyp, önümlerini satyp bilerler.

 “Saraý”-yň hyzmatlarynyň arasyna toý gurnamak üçin gerekli zatlary üpjün etmek hem girýär. Öý, ulag bezeglerinden restoranlara, toý çadyrlaryna, gözellik salonlaryna, güllere, ýüzüklere, tansçy, sazanda, suratçy, wideo hyzmatlaryna çenli gurnama işlerini bu internet platformasy arkaly ýerine ýetirmek mümkin.

“Söwdanyň aňsat görnüşi” şygary bilen hereket edýän bu applikasiýanyň aňsat ulanyş häsiýetleri islendik önümi tapmaga, şeýle hem bildiriş ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Internet arkaly satmak we satyn almak işlerini has oňaýly ýagdaýa getirýän “Saraý” häzirki wagtda “Play Market”-de we “App Store”-da elýeter. Bu applikasiýa “Belgilabs” tarapyndan işlenilip taýýarlandy. “Android” bilen işleýän enjamlarda “Saraý” applikasiýasy dolandyryş ulgamyň 4.2 we ondan soňky görnüşlerini, “iOS” dolandyryş ulgamy bilen işleýän enjamlarda bolsa 9.0 we ondan soňky görnüşlerini talap edýär.

Sentýabr aýynyň 5-ne platformanyň täze görnüşi ulanyjylara ýetirildi. Täze görnüşde onlaýn dükanlara birnäçe telefon belgisi ýerleşdirmek mümkinçiligi döredildi.

 “Saraý”-yň ulanyjylary platformanyň mahabat hyzmatlary üçin geçiriljek tölegi öz “TMCell” öýjükli aragatnaşyk hasaplary arkaly töläp bilýärler. “Saraý” bilen “Altyn Asyr” ÝGPJ arasynda baglaşylan şertnama esasynda döredilen bu mümkinçilik applikasiýanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet derejesinde sanly ykdysadyýete geçmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ugurda iş alyp barýan telekeçilere degişli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanypdy.