Beýik Britaniýanyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Beýik Britaniýanyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Hýu Stenli Filpott. Surat Britaniýanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň “Twitter” hasabyndan alyndy.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hýu Stenli Filpott döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen täze ilçi, Şa zenany Ýelizaweta II hem-de Premýer-ministr Boris Jonsonyň salamyny ýetirdi.

Diplomat öz tarapyndan türkmen-britan hyzmatdaşlygyny, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary, ikitaraplaýyn ykdysady we işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşykda ýurt Baştutany we Doly ygtyýarly wekil döwletara hyzmatdaşlygyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Hýu Stenli Filpott 2015-nji ýyldan häzirki wagtda çenli Täjigistanda ilçi wezipesini ýerine ýetirdi. Şeýle hem täze ilçi Astana we Kiýew şäherleriniň diplomatik wekilhanalarynda biznes bölüminiň ýolbaşçysy, britan Daşary işler ministrliginde innowasiýa we ylym bölüminiň başlygynyň orunbasary hem-de Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça maksatnamalaryna başlyklyk etdi.

2022