Ýanwar aýynda badalga berlen Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat – Tejen böleginiň gurluşygy dowam edýär.
Ministrler Kabinetiniň ýanwar aýynyň 11-ne geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmegi hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmagy tabşyrypdy.
“Türkmen Awtoban” ÝPGJ bu awtomobil ýoluny 2023-nji ýylyň dekabrynda tabşyrmagy meýilleşdirýär. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän kompaniýanyň buýurmasy boýunça “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy hem-de “Hyzmat merkezi”, “Oguz ýoly”, “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri ýoluň gurluşyk işlerini amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, strategiýa taýdan möhüm ýokary tizlikli ýol 2019-njy ýylyň ýanwaryndan 2023-nji ýylyň dekabry aralygynda üç tapgyrda: Aşgabat – Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabryna, Tejen – Mary aralygy – 2022-nji ýylyň dekabryna, Mary – Türkmenabat bölegi – 2023-nji ýylyň dekabryna çenli gurlar.
Baş potratçy ABŞ-nyň 2,3 milliard dollary möçberindäki döwlet karzyny özleşdirýär.
Ýoluň ugrunda utgaşdyrylan töleg terminallary, ululy-kiçili köprüleriň onlarçasy, şol sanda demir ýollardan, beýleki ýollaryň kesişýän ýerlerinden geçýän, sil akymy ugurlarynyň, Murgap we Garagum derýalarynyň üstünden köprüler gurlar. Tizligi ýokarlandyrmak ýa-da peseltmek üçin sürüjiler ýörite zolaklara geçerler. Mundan başga-da, awtobanyň ugrunda ýokary tizlikli ýoly ilatly ýerler bilen birleşdirýän turba görnüşli ýolaýrytlary gurmak göz öňünde tutulýar.