“Günaý” günebakar ýagynyň önümçiliginde “Huatai”-niň enjamlary ulanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Günaý” günebakar ýagynyň önümçiliginde “Huatai”-niň enjamlary ulanylýar
5 hem-de 1 litlrlik plastik gaplarda bazara hödürlenýän bu ýaglaryň önümçilik sehi Hytaýyň “Huatai” kompaniýasy tarapyndan guruldy.

“Gündogar akymy” hojalyk jemgyýetiniň sentýabr aýynyň 21-ne açan zawodynda “Günaý” haryt nyşanly günebakar ýaglary öndürilýär.

5 hem-de 1 litlrlik plastik gaplarda bazara hödürlenýän bu ýaglaryň önümçilik sehi Hytaýyň “Huatai” kompaniýasy tarapyndan guruldy.

Bir günüň dowamynda günabakar çigidinden 50 tonna golaý arassa ýagy sykyp almaga ukyply tehnologiýa ýerleşdirilen zawodyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 7,200 tonna günebakar ýagy bolup durýar. 2 gektar ýerde bina edilen kärhana Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýär.

Türkmenistanda günebakar ýagyny öndürýän kärhana gurmak barada ilkinji gezek 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 23-ne geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde agzaldy. Şol mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýetine degişli bolan kärhananyň ekologiýa taýdan arassa günebakar ýagyny öndürjekdigini belläp geçdi. Şeýle hem wise-premýer 2019-njy ýylyň dowamynda günebakar ekilýän ekerançylyk meýdanlaryny 5000 gektar giňeltmek meýilleşdirilýändigi barada maglumat beripdi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýeti Şweýsariýanyň “Syngenta Agro AG” kompaniýasy bilen günebakar ýetişdirmek üçin tohumlyk çigitleri almak barada şetnama baglaşdy.

 “Huatai” kompaniýasy Hytaýyň Henan welaýatynda 100,000 kwadrat metr ýerde dürli görnüşli ýaglaryň önümçiliginde ulanylmaga niýetlenen enjamlaryň işläp taýýarlaýar. 1950-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýanyň enjamlary dünýäniň 130-dan gowrak ýurduna eksport edildi.