“Hyundai Engineering” Türkmenistanda 10 ýyl bäri iş alyp barýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hyundai Engineering” Türkmenistanda 10 ýyl bäri iş alyp barýar
Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän iri kärhana

Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co. Ltd.” kompaniýasy Türkmenistanda 10 ýyldan bäri iş alyp barýar.

Kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Pak De Honyň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine beren beýanatynda ýurduň nebit-gaz pudagynyň geljeginiň uludygyny nygtady.

“Biziň kompaniýamyz Türkmenistanda 10 ýyl çemesi wagt bäri iş alyp barýar. Şu geçen döwürde dört sany iri taslamany durmuşa geçirdi, olaryň soňkusy Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän iri kärhanadyr” diýip, Pak De Ho belledi.

Kompaniýanyň Türkmenistandaky uzakmöhletli iş tejribesini Türkmenistanyň durnuklylygy bilen baglanyşdyran Pak De Ho türkmen hyzmatdaşlary bilen iş alyp barmagyň hem ygtybarlydygyny aýtdy.

“Daşary ýurt maýa goýumy, döwrebäp tehnologiýalar we ýerli hünärmenleriň işjeňligi ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmaga, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösmegine uly itergi berýär” diýip, işewür beýan etdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşan “Hyundai Engineering Co. Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Rok Koreýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini gaýtadan işlemek ulgamynda maýa goýum taslamalaryny hödürlemäge taýýardygyny aýdypdy.

2022