Owganystanyň täze ilçisi bilen söhbetdeşlikde TOPH-niň ähmiýeti nygtaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanyň täze ilçisi bilen söhbetdeşlikde TOPH-niň ähmiýeti nygtaldy
Owganystanyň täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihil. Surat: The Budapest Times.

Owganystan Yslam Respublikasynyň täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihili kabul eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Sişenbe güni geçen duşuşykda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary hem-de bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu gaz geçiriji sebitde özboluşly dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrülmelidir diýlip bellenildi.

Şeýle hem TOPH taslamasy bilen özara baglanyşykly Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijileri we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek baradaky taslamalaryň wajypdygy bellenildi.

Doly ygtyýarly wekil döwlet Baştutanymyza Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmeginde Türkmenistanyň uly goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýurdumyz özüniň günortadaky goňşusyna elektrik energiýasyny ýeňillikli şertlerde iberýär, yzygiderli ynsanperwer ýüklerini ugradýar, Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalary gurýar. Şeýle hem owgan ýaşlaryna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin mümkinçilikler döredilýär.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistana bolan resmi saparynda Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.