SARD III bilen ÝTÖB Aşgabatda eksport seminaryny geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
SARD III bilen ÝTÖB Aşgabatda eksport seminaryny geçirýär
Okuw maslahatyny bu ugurda 30 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan halkara söwda we logistikasy boýunça maslahatçy Jonatan Aýan Wolden geçirýär.

Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda çarşenbe güni eksporty ösdürmek boýunça “Täze başlan eksportçylar üçin eksport tejribeleri we amallary” atly üç günlük okuw maslahaty başlady. Maslahat Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda oba hojalygyň we obanyň mundan beýläk hem durnukly ösüşine goldaw bermek – SARD III” taslamasy hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen bilelikde gurnaldy.

Okuw maslahatyna türkmen telekeçileri, ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen eksport boýunça menejerler, kiçi we orta kärhanalar gatnaşýar. Okuw maslahatyny halkara söwdanyň, ulagyň we logistikanyň yzygiderliliginiň aýratynlyklarynda ýöriteleşen, bu ugurda 30 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan halkara söwda we logistikasy boýunça maslahatçy Jonatan Aýan Wolden geçirýär. Jenap Wolden SITPRO, “Xerox” we “Adidas” ýaly meşhur kompaniýalar bilen işledi.

Bu okuw maslahaty anyk eksport strategiýalaryny ulanmak we işläp düzmek boýunça eksportçylaryň bilimlerini we başarnyklaryny has ýokarlandyrmak, daşary ýurt bazarlaryna çykmak hakynda maglumat almak we eksport ulgamynda bäsdeşlige ukyplylygy gazanmak maksady bilen geçirilýär. Okuw maslahatynyň netijesinde oňa gatnaşyjylar kiçi we orta telekeçilik üçin eksportyň mümkinçilikleri hakynda öz bilimlerini berkidip, üstünlikli eksport üçin kompaniýanyň ädip biljek ädimleri hakynda goşmaça maglumat alyp, şeýle hem harytlaryň we hyzmatlaryň eksporty we täze bazarlara çykmak babatda alan bilimlerini we başarnyklaryny ulanyp bilerler.

Okuw maslahatynyň üçünji güni telekeçiler öz önümlerini görkezmäge, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, ilçihanalaryň we eksporty ösdürmek we herekete geçirmek bilen meşgullanýan halkara guramalaryň wekilleri bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçilik alar.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan goldanýan SARD III taslamasynyň bu okuw maslahaty oba hojalyk pudagynyň ösüşi bilen bagly we durnukly oba hojalyk we obalary ösdürmek babatda milli syýasatyň maksatlaryna ýetmekde SARD III taslamasy tarapyndan ozal guralan çäreleriň üstüni ýetirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022