Ýurdumyzyň iň baýry kärhanalaryň biri bolan “Guwlyduz” kombinaty ýylyň ilkinji dokuz aýynda 71 müň 745 tonna duz gazyp çykardy. Şeýle hem kärhanada 63 müň 760 tonna däneli duz öndürildi.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlamaýak şäherçesinde ýerleşýän bu kärhana geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda bir asyry arka atdy. Uzak ýyllaryň dowamynda duz käniniň gorlary egsilmeýän kärhanada ilaty nahar duzy bilen üpjün edip, önümiň ýokary hilli bolmagynda degişli işler alnyp barylýar.
Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, duzuň arassalygy togsan sekiz göterime deň bolup, bäş-alty aý saklanandan soň, bu görkeziji togsan dokuz göterime ýetýär. Kärhanada ýodlaşdyrylan nahar duzy sarp edijileriň isleglerine görä öndürilýär.
Hazaryň kenarynda ýerleşýän bu kombinatda taýýar önümler haltalara, beýleki gaplara gaplanylýar. Nahar duzuna bolşy ýaly, tehniki duza-da isleg uludyr. Tehniki duz dokma senagatynda, buraw desgalarynda, derman senagatynda, bug-gazan hojalyklarynda we beýlekilerde giňden peýdalanylýar.
“Guwlyduz” kombinatynda önümçiligi kämilleşdirmek meselesine yzygiderli üns berilýär. Bu ýerde duz öndürýän täze seh guruldy. “Dana gurluşyk” hususy kärhanasynyň guran bu sehinde Türkiýe Respublikasyndan getirilen enjamlar oturdylypdyr. Goýberiş-sazlaýyş işleri geçirilen bu täze sehde ýylda azyndan 40 müň tonna duz, 2,5 müň tonna gerdejik görnüşli tehniki duz öndüriler. Gerdejik görnüşli duz nebit, suw geçiriji turbalary arassalamak üçin has amatlydyr.
Täze önümhanada duzuň çig maly birnäçe tapgyrlardan geçýär. Bunkere guýlup, akym bilen geçýän duz el güýji bilen hapadan arassalanýar hem-de ýuwmaga geçirilýär. Bäş gezek suwda ýuwlup guradylýan önümler elekden geçirilýär we gaplara gaplanyp, ammara ugradylýar.
Täze sehde önümçilik doly başlanyndan soň önümler ýarym, bir, iki kilogramlyk plastik bedrejiklere, kagyz gaplara gaplanyp, ilata ýetiriler.