Lebapda ýyladyşhana toplumlarynyň sany ýigrimiden geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapda ýyladyşhana toplumlarynyň sany ýigrimiden geçdi
Hususy pudaga degişli ýyladyşhana toplumynyň biri bolsa, welaýatyň Saýat etrabynda tamamlandy.

Lebap welaýatynda Amyderýanyň kenarynda häzirki günde ýyladyşhana toplumlarynyň ýigrimiden gowragyndan hasyl alynýar. Bu ýerde birnäçe iş orunlary döredildi.

Hususy pudaga degişli ýyladyşhana toplumynyň biri bolsa, welaýatyň Saýat etrabynda tamamlandy. 1,5 gektar meýdany eýeleýän bu toplumda nederlandlaryň tehnologiýasy ulanyldy. Bu ýerde birnäçe görnüşli pomidor ekilip, ondan bol hasyla we ýokary hile garaşylýar.

Bu ýyladyşhanada döwrebap gurluşyk enjamlary ulanylyp, ýylylygy we çyglylygy, ýagtylandyrylyşy, suwarylyşy we iýmitlendirilişi awtomatiki usulda amala aşyrylýar.

Ýurduň Gündogar sebitiniň telekeçileri importyň ornuny tutjak önümleri öndürmek we eksporty artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge öz saldamly goşantlaryny goşýar. Olar Amyderýanyň kenarynda ýene 15 sany ýyladyşhana desgalarynyň gurluşygyny tamamlap barýar.