ÝB Transhazar gaz geçirijisi boýunça Türkmenistan bilen bilelikde işlär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB Transhazar gaz geçirijisi boýunça Türkmenistan bilen bilelikde işlär
Ýewropaly wekil Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda “mümkinçilikler penjiresiniň” açylandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi Tranhazar gaz geçirijisini hakykata öwürmekde türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny durmuşa geçirer.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 22-23-nji oktýabrda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019” atly 24-nji halkara maslahatynyň ikinji gününde çykyş eden Ýewropa Komissiýasynyň (ÝK) energiýa, energiýa syýasaty boýunça direktory Erlendas Grigorowiç bu barada belläp, Komissiýanyň şu maslahata gatnaşmagynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga bolan islegini aňladýandygyny aýtdy.

Maslahatyň dowamynda ÝB-niň 2050-nji ýyla çenli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny uglerodsyzlaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasaty barada maglumat beren Grigorowiç bu maksatnamanyň tebigy gaza bolan talabyň aradan aýryljakdygyny aňlatmaýandygyna ünsi çekdi.

Tebigy gaza arassa energiýa geçmekde köpri hyzmatyny berjek ýangyç hökmünde garaýandyklaryny nygtan ýewropaly wekil Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda “mümkinçilikler penjiresiniň” açylandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň ýewropaly maýa goýumçylary çekmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny beýan eden Grigorowiç Ýewropa tebigy gaz bazarynyň bäsdeşliginiň ýokarydygyny nygtady. “Türkmen gazy baha taýdan özüne çekiji bolmaly” diýip, ÝK-niň wekili aýtdy.

Halkara maslahatyň ikinji gününde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijsiniň häzirki ýagdaýy bilen bagly çykyşlar edildi.