Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň çäginde Işewürler merkezi döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň çäginde Işewürler merkezi döredildi
Işewürler merkeziniň ýurtlaryň arasyndaky özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi babatdan ähmiýetli boljakdygyna garaşylýar. Surat: TSTB

Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda geçirilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň birinji mejlisinde geňeşiň çäginde Işewürler merkezi döredildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden (TSTB) alnan maglumata görä, penşenbe güni geçirilen mejlise Türkmenistanyň ähli ulgamlarynyň we pudaklarynyň wekilleri bilen bilelikde TSTB-niň wekili we agzalary hem işjeň gatnaşdylar.

Täze döredilen Işewürler merkeziniň iki hyzmatdaş ýurduň arasyndaky özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi babatdan ähmiýetli boljakdygyna garaşylýar.

19 adamlyk türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary 25-nji oktýabra çenli dowam eder.

2022