Stawropolly telekeçiler Türkmenistanda saparda boldular

BIZNES TÜRKMENISTAN
Stawropolly telekeçiler Türkmenistanda saparda boldular
Stawropolyň “Hiton-Ýug”, “Treýd-eskport” we “Fermer” kompaniýalarynyň wekilleri sapara gatnaşdylar.

Russiýanyň Stawropol ülkesiniň telekeçileri 17-19-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda iş saparynda boldular. Iş sapary Stawropolda telekeçilige goldaw bermek gaznasynyň çäklerinde döredilen eksporta gönükdirilen harytlary öndürijilere goldaw merkeziniň guramagynda amala aşyryldy.

“1777.ru” saýtynyň habar bermegine görä, stawropolly telekeçileriň iş saparynyň esasy maksady Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, ýurtlaryň we olaryň welaýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, bilelikdäki biznes, söwda-ykdysady we maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak boldy.

Saparyň çäklerinde russiýaly telekeçiler türkmen telekeçileri duşuşyklar geçirdiler. Şeýle hem önümçilik desgalaryna baryp gördüler.

Stawropolyň “Hiton-Ýug”, “Treýd-eskport” we “Fermer” kompaniýalarynyň wekilleri sapara gatnaşdylar.