Türkmenistanyň Prezidenti Bakudaky sammitde ýurtlaryň ykdysady deňhukuklylygyna ünsi çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Bakudaky sammitde ýurtlaryň ykdysady deňhukuklylygyna ünsi çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti mundan öňki Wenesuelada geçirilen maslahatdan bäri dünýäde düýpli özgerişleriň bolup geçendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitinde eden çykyşynda herekete gatnaşýan ýurtlaryň halkara ykdysady gatnaşyklarynda adalatyň we deňhukuklylygyň tarapynda durmalydygyny nygtady.

“Biziň döwletlerimiz ösüp gelýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň tarapdarlary bolup, garaýyşlaryny özara ylalaşyp, bilelikde çykyş etmelidir. Hukuklaryň kemsidilmegine, dünýä söwdasynda hiç bir esassyz, köplenç ýagdaýlarda bolsa, emeli taýdan päsgelçilik döredilmegine garşy çykmalydyr” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutany “bu babatda goşulyşmaýan döwletleriň adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmeleriniň we olary ibermek serişdeleriniň deňhukukly elýeterliligine, energiýa serişdelerini iberijileriň, alyjylaryň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini hasaba almaga hem-de ykrar etmäge esaslanýan energiýa howpsuzlygynyň ählumumy ulgamynyň kemala getirilmegine gatnaşmagy örän möhüm ähmiýete eýe bolýar” diýdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mundan öňki Wenesuelada geçirilen maslahatdan bäri dünýäde düýpli özgerişleriň bolup geçendigini aýdyp, “bu özgertmeleriň ählisi biziň häzirki zaman ýagdaýyna düýpli oýlanyşykly çemeleşmegimizi we oňa laýyk gelýän çemeleşmeleri hem-de çözgütleri işläp taýýarlamagymyzy talap edýär” diýdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sammitdäki çykyşynda bosgunlar meselesine we ähliumumy energiýa howpsuzlygyna hem ünsi çekdi.

Bosgunlaryň aglaba köpüsiniň Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň adamlary bolup durýandygyny bellän Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň soňky ýyllarda 20 müňden hem köpräk bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara öz raýatlygyny berendigi barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň eýýäm köp ýyl bäri ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça düýpli işleri geçirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň garamagyna durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň orny hakyndaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baku saparynyň çäklerinde sammitiň geçirilýän binasynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Prezidentler halkara durmuşynyň özara gyzyklanma döredýän möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) maglumatyna görä, Prezident Ilham Aliýew häzirki Sammitde milli Liderimiziň ählumumy ykdysadyýetiň Goşulyşmazlyk hereketiniň işiniň möhüm ugry bolup durýandygy baradaky wajyp pikirini goldaýandygyny belledi.

Söhbetdeşler şeýle hem döwletleriň ikisiniň hem dünýäde energiýa serişdelerini iri öndürijiler we iberijiler bolup durýandyklaryny, çäk ýakynlygyny hasaba almak bilen, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligine eýediklerini bellediler.

2022