GDA-nyň hökümet baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA-nyň hökümet baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar
GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriler.

Moskwanyň “Skolkowo” tehnoparkynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. 25-nji oktýabrda geçirilen bu mejlis dar hem-de giňişleýin düzümde ýygnanyşdy.

GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokary derejeli wekiliýetleri, şeýle-de, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew mejlise gatnaşmak üçin Moskwada jemlendiler.

Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň dar düzümdäki mejlisiniň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalar geçirildi hem-de Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisiniň geçiriljek wagty ylalaşyldy.

Ýygnagyň barşynda mundan öňki gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy.

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Daşkentde Özgebistanyň başlyklyk etmeginde geçirmek baradaky netijä gelindi.

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň mundan öňki mejlisi 31-nji maýda Aşgabat şäherinde geçirilipdi.

2022