Öz ulagyň bilen taksiçilik hyzmatyny hödürlemäge mümkinçilik berýän “Uber” kompaniýasy duşenbe güni ABŞ-da “Uber Money” hyzmatyny tanatdy.
Kompaniýanyň “Uber Money” bölüminiň başlygy Peter Hazlhörst tarapyndan “Uber”-iň internet sahypasynda ýazylan maglumata görä, “Uber”-iň ulgamynda hereket edýän sürüjiler we eltip berijiler hyzmatlarynyň netijesinde aljak töleglerini şol wagtyň özünde “Uber Debit” hasaplaryndan görüp, dolandyryp bilerler. Mundan ozal kompaniýa tölegleri hepdelik geçirýärdi.
“Biz ‘Uber Debit’ hasabyny ‘Uber Driver’ applikasiýasyna aňsatlyk bilen utgaşdyrmak maksady bilen bu hyzmaty kämilleşdirýäris. ABŞ-daky sürüjiler üçin boljak bu hyzmat ýakynda beýleki ýurtlarda hem elýeter bolar. Şeýle hem ‘Uber’-den gazanylýan her dollaryň gelşi ýaly ýoluny dowam etmegini isleýäris. Şol maksat bilen kamilleşdirilen ‘Uber Debit Card’ 3% - 6% aralygynda yzyna töleg aýratynlygy bilen gelýär” diýlip, Hazlhörstiň habarynda aýdylýar.
Kompaniýa öz ulgamynda hereket edýän sürüjileriň we eltip berijileriň gazançlaryny we çykdajylaryny gözegçilikde saklamaklary üçin “Uber Wallet” e-gapjygyny hem ulanyşa goýberer. Maglumata görä, bu hyzmat öňümizdäki birnäçe hepdäniň dowamynda “Uber Driver” applikasiýasy bilen, soňra bolsa “Uber” we “Uber Eats” applikasiýalary bilen utgaşdyrylar.
Şeýle hem “Uber” kompaniýasy “Barclay” bilen hyzmatdaşlykda “Uber” karz kartyny täzeden çykarýar.