Oslo şäherinde Türkmenistanyň we Norwegiýa Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-norwegiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary, sebit hem-de halkara gün tertibi, şeýle hem Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky ýagdaýlar işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşenbe güni geçirilen duşuşykda türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Norwegiýanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Audun Halworsen ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de ykdysadyýetiň energetika we onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ähmiýetli ugurlary boýunça özarahereket etmegiň meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar. Şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda bilim we tejribeleri alyşmak, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek meseleleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem Norwegiýanyň Daşary işler ministrliginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Per Albert Ilsaas bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda taraplar Türkmenistanyň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde, şeýle-de goňşy Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagyna goşýan saldamly goşandy aýratyn nygtalyp geçildi.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Offshore & Marine Services (OMS) kompaniýasynyň ýolbaşçysy Agnar Forde bilen duşuşyk geçirdi, onda iki ýurduň işewürlik-düzümleriniň arasyndaky özarahereketleri giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Norwegiýanyň kompaniýalary türkmen nebitgaz bazaryna gyzyklanma bildirýärler. Gämi we deňiz hyzmatlaryny ýerine ýetirýän OMS kompaniýasy bu pudakda taslamany dolandyryş, inženerçilik we dizaýn hem-de hyzmat beriş işlerini alyp barýar.