Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça pikir alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça pikir alyşdylar
Telefon söhbetdeşliginde döwlet Baştutanlary strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan hyzmatdaşlyklar boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda döwlet Baştutanlary sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde gazanylan hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze sepgide çykmaga mümkinçilik beren ylalaşyklary we geljegi uly meýilnamalary amala aşyrmak babatda döwletara hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, dürli derejelerde, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi.

Goňşy ýurtlary baglanyşdyrýan ulag ýollarynyň, şol sanda Türkmenistan tarapyndan Amyderýanyň üstünden gurlan awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategik ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bilelikdäki giň gerimli düzüm taslamalaryny amala aşyrmagyň, ozaly bilen, täze üstaşyr geçelgäniň gurulmagynyň möhümdigi bellenildi. Ol gysga ýol bilen Eýranyň, Omanyň we Hindistanyň deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik döredip, söwdany, üstaşyr gatnawlary we maýa goýumlaryny has-da artdyrmak üçin şert döreder.

Iki dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

2022