Türkmenistanyň döredijilik senagatynyň wekilleri Daşkentdäki foruma gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň döredijilik senagatynyň wekilleri Daşkentdäki foruma gatnaşar
“British Council” tarapyndan 2017-nji ýyldan bäri geçirilýän bu foruma türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Birleşen Patyşalygyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylar.

Türkmenistanyň hususy döredijilik senagatynyň wekilleri 22-23-nji noýabrda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek “Creative Central Asia 2019” (Dörediji Merkezi Aziýa 2019) forumyna gatnaşar.

“British Council” (Britan Geňeşi) tarapyndan 2017-nji ýyldan bäri geçirilýän bu foruma türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Birleşen Patyşalygyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylar.

Ilçihananyň beren maglumatyna görä, foruma Türkmenistanyň “Akylly Tilsimat”, “Türkmen Tranzit”, “Belli Creative Studio” we “Caspy Creative Agency” ýaly kompaniýalaryndan umumylykda 13-e golaý adam gatnaşar. Maglumat hatynda türkmen wekiliýetiniň foruma ilkinji gezek gatnaşýandygy aýratyn bellenilýär.

“Creative Central Asia” forumlary Merkezi Aziýada döredijilik senagatyny ösdürmek, şeýle hem Beýik Britaniýa bilen sebitiň ýurtlarynyň döredijilik wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirmäge gerekli bolan platformanyň döredilmegi maksady bilen geçirilýär.

Forumyň 2017-nji we 2018-nji ýyllarda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen sanlaryna Birleşen Patyşalykdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan 120-ä golaý wekil gatnaşdy. 

2022