“Ýigit” hojalyk jemgyýeti Ukrainada halkara azyk sergisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýigit” hojalyk jemgyýeti Ukrainada halkara azyk sergisine gatnaşdy
Şu ýyl sergä dünýäniň 27 ýurdundan gelen 9 müňden gowrak adam aýlanyp gördi.

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti Kiýewiň Halkara sergi merkezinde “WorldFood Ukraine 2019” atly halkara sergisine gatnaşyp, onuň diplomyna mynasyp boldy. Şu ýyl 22-nji gezek geçirilen sergi 23-25-nji oktýabr aralygynda guraldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ýigit” hojalyk jemgyýeti sergä ýurdumyzyň ýyladyşhana hojalyklarynda hem-de açyk toprakda ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa gök we bakja önümleri, däneli we kösükli ekinleri bilen gatnaşdylar. Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzdan eltilen üzüme, gawuna, mäşe, kakadylan pomidora uly isleg bildirdiler.

Çärä jemgyýetçilik iýmiti we işewürlik ugurlarynda işleýänler hem işjeň gatnaşdylar. Bu ýerde iýmit önümlerini, içgileri öndürijileriň hem-de sarp edijileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň ençemesi guraldy. Şu ýyl sergä dünýäniň 27 ýurdundan gelen 9 müňden gowrak adam aýlanyp gördi.

“WorldFood Ukraine 2019” her ýyl Kiýewde geçirilýän azyk önümleriniň hem-de içgileriň iri halkara sergisi bolup, ýüzlerçe kompaniýanyň önümlerini özünde jemleýär. Şeýle-de sergide azyk senagatynda uly meşhurlyga eýe bolan kompaniýalaryň iýmit tehnologiýalary, enjamlary we beýlekiler görkezilýär. Onuň çäginde bu ugurdaky täzelikleriň, täze brendleriň sergisi hem guralýar.

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti Kaka etrabynyň çäginden özlerine bölünip berlen 1000 gektar ýeri özleşdirdi. Şol meýdanyň 865 gektary dürli ekinleri ýetişdirmäge niýetlenen açyk meýdandyr. Häzirki wagtda 10 gektar ýyladyşhanadan pomidor hasylyny alýan hojalyk jemgyýeti 20 gektar meýdany eýelejek ikinji tapgyryň gurluşygyny alyp barýar.