“Miras” hususy kärhanasy tarapyndan Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň “Zaman” geňeşliginiň çäginde penşenbe güni guş iýmini öndürýän döwrebap kärhana açyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Miras” HK-niň bu döwrebap kärhanasynda Türkiýe, Gollandiýa ýaly döwletleriň iň täze, öňdebaryjy enjamlary oturdyldy. Bu kämil tehnologiýalar ýokary hilli guş iýminiň sagatda 10 tonnasyny, ýylda bolsa, 75 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Açylyş dabarasynda “Miras” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Myratberdi Hommadow guşçulyk toplumynda guş etini we ýumurtga öndürmäge başlandyklaryny aýdyp, “Guşçulyk bilen iş salyşjak bolsaň, iým üpjünçiligi wajyp bolup durýar. Şoňa görä-de, guş iýmini öndürýän kärhanany gurmagy ýüregimize düwdük. Bu desgada guşlar üçin ekologiýa taýdan arassa ýokumly iýmleri taýýarlamakda ýokary amatlyklar göz öňüne tutuldy” diýip belledi.
“Häzirlikçe kärhanamyzda guş iýminiň dört görnüşini öndürmegi maksat edinýäris. Öndürilýän iýmiň düzümine bugdaý, mekgejöwen, jöwen, soýa, ösümlik ýagy, duz, dürli witaminlerdir minerallar goşulýar. Olar guşlar üçin örän ýokumlydyr” diýip, Hommadow işleriniň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.
Geljekde kärhananyň çig mal üpjünçiligi üçin bölünip berlen ýer böleginde bugdaý, arpa, mekgejöwen, soýa ýaly ekinleri ýetişdirmek hem-de olary bu ýerde gaýtadan işläp, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolan guş iýmini öndürmek maksat edinilýär.
Häzirki günde “Miras” hususy kärhanasynda her 45 günde 220 müň broýler jüýjeleri öndürilýär.