Gruziýa uçar ýangyjynyň 100%-ini Türkmenistandan import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gruziýa uçar ýangyjynyň 100%-ini Türkmenistandan import etdi
Gruziýa oktýabr aýynda Türkmenistandan 2,100 tonna uçar ýangyjyny import etdi.

Gruziýa oktýabr aýynda satyn alan uçar ýangyjynyň 100%-ini Türkmenistandan import etdi. Bu barada “Trend” agentligi Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşmesine salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, Gruziýa oktýabr aýynda Türkmenistandan 2,100 tonna uçar ýangyjyny import etdi.

Türkmenistanyň eksport edýän uçar kerosini Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilýär. Toplumyň öndürýän TS-1 we Jet A-1 kysymly uçar ýangyjy “Turkmen Petroleum” kompaniýasy tarapyndan daşarky bazarlara ýerlenilýär.

TNGIZT-niň awiakerosini Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna yzygiderli çykarylýar. Biržanyň duşenbe güni çykaran kotirowkasyna görä, TS-1 kysymly awiakerosiniň bir tonnasy 350 ABŞ dollaryndan satylýar.

2016-njy ýyldan bäri toplumyň halkara dellaly bolup durýan “Turkmen Petroleum” kompaniýasy şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda TNGIZT-iň önümleriniň 500 müň tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ugratdy.

Kompaniýanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde we Germaniýanyň Frankfurt şäherinde söwda wekilhanalary bar.

Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda kompaniýa tarapyndan ýerlenilýän önümleriň sanawyna ýangyç mazudy, A-92 görnüşli awtoulag ýangyjy, dizel ýangyjy, şol sanda EKO-5 kysymly dizel ýangyjy girýär.

2022