Türkmenistandan ýylyň başyndan bäri gazbetonyň 8 621,4 tonnasy Özbegistana hem-de 3 517,2 tonnasy Gazagystana eksport edildi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň beren maglumatyna görä, soňky birnäçe aýyň dowamynda eksport mukdary artan gazbetonlar “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasy tarapyndan öndürildi.
“Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda ýerleşýän zawodlar toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek babatynda netijeli işler alyp barýar. Toplumyň ýyllyk kuwwaty 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny, 180 müň kubmetre barabar gazbeton önümlerini öndürmäge ukyplydyr.
Häzirki wagtda zawodlar toplumynda dürli ölçegdäki gazbeton bloklary, gazbeton bloklar üçin ýelim, keramiki plitalar üçin ýelim, daşky we içki gruntlama şpaklýowkasy, sepleri doňdurýan garyndylar we beýleki gurluşyk önümleriniň köp görnüşi öndürilýär.
“Ukyply kärdeşler” HK-niň öndürýän gazbeton bloklary Ahal welaýatynyň täze administratiw merkeziniň binalarynyň, şeýle hem paýtagtymyzyň günbatarynda Magtymguly şaýolynyň ugrundaky ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynda ulanylýar.