Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň täze bellenen ilçisini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň täze bellenen ilçisini kabul etdi
Kataryň täze ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti we Daşary işler ministri tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry kabul etdi. Ol döwlet Baştutana ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidentine Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetiren diplomat, şu ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary berkitmäge we işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalary beýan etdi.

Döwlet Baştutany Katar Döwletiniň ýolbaşçylygyna hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, dostlukly türkmen-katar gatnaşyklaryna birek-birege hormat goýmak we netijeli häsiýetiň mahsusdygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň ilçisi özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli ugurlardaky netijeli işewür gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi barada aýdyldy. Tutuş dünýäde durnukly ösüşiň möhüm şertini emele getirýän nebitgaz pudagy we ulag ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şeýle-de, söwda, maýa goýum, senagat we tehnologiýa pudaklarynda uzakmöhletleýin esasdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, onuň ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän Hökümetara türkmen-katar toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Çarşenbe güni Kataryň täze ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan kabul edilipdi. Duşuşykda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň möhüm orny barada aýdyp, taraplar energetika, gurluşyk senagaty, syýahatçylyk we beýleki wajyp ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek mümkinçiligi barada belläp geçdiler. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiligine hem seredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022