Aşgabat Ylalaşygyna gatnaşyjy döwletler logistika merkezleriniň ähmiýetine ünsi çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat Ylalaşygyna gatnaşyjy döwletler logistika merkezleriniň ähmiýetine ünsi çekdiler
Gatnaşyjylar Ylalaşyga gol çeken döwletleriň logistika merkezleriniň netijeliligini we ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginde çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek baradaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady.

Aşgabat şäherine bu duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri ýygnandylar.  

Mejlisiň ilkinji güni gatnaşyjylar bu ulag-üstaşyr geçelgäniň ugurlary bilen bagly öň gazanylan ylalaşyklaryň işiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gatnaşyjy ýurtlaryň kanunçylygyna degişli maglumatlary paýlaşan taraplar, şol sanda geçelge nokatlaryndaky hereketleriň utgaşdyrylmagy, gümrük meseleleriniň ýeňilleşdirilmegi ýaly ugurlar barada hem pikir alyşdylar. Şeýle-de hünärmenler bu Ylalaşygyň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilen tehniki häsiýetli meseleleriň birnäçesine seredip geçdiler.

Gatnaşyjylar Ylalaşyga gol çeken döwletleriň logistika merkezleriniň netijeliligini we ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, ähli ýurtlaryň logistika merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barada şertnamalaryň baglaşylmagynyň gerekdigi barada  ylalaşdylar.

Halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek baradaky Aşgabat Ylalaşygyna Eýran, Oman, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan gol çekildi we bu Ylalaşyk 2016-njy ýylyň aprelinde güýje girdi. Ylalaşygyň döredilmeginiň maksady gatnaşyjy döwletleriň arasynda ýükleri daşamagyň ähtibarly we yzygiderli dowam etdirilmegini gazanmakdan ybaratdyr. 2018-nji ýylyň noýabrynda Gazagystan hem Aşgabat Ylalaşygyna goşulmak isleýändigini mälim etdi.

Penşenbe güni Iş toparynyň ikinji mejlisi öz işini dowam etdi.

2022